Fortinet kompaniýasy 2022-nji ýylyň iýul aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Fortinet kompaniýasy önümleriniň köp sanly gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Gowşaklyklar FortiADC, FortiAnalyzer, FortiManager, FortiClient (Windows), FortiDeceptor, FortiEDR, FortiNAC, FortiOS, FortiProxy, FortiSwitch, FortiRecorder, FortiVoiceEnterprise önümlerinde ýüze çykaryldy. Ýaramaz niýetli ulanyjy hukuklary artdyrmak we «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Fortinet howpsuzlyk maslahatlarynda görüp bilersiňiz – fortinet.com.
08 Iýul 2022