0patch öndüriji Windows PsExec guralynyň 0-day gowşaklygy üçin mugt düzedişi çykardy
0patch taslamasynyň hünärmenleri Windows PsExec guralynyň gowşaklygyny aýyrýan mugt düzedişi işläp çykardylar, bu gowşaklyk ulgamda hukuklary artdyrmak mümkinçiligini berýär.
Bu gowşaklyk üstünlikli ulanylan ýagdaýynda, erkin prosesiň hukuklaryny Local System derejesine çykaryp, pidanyň kompýuterini dolandyrmak mümkiçiligini gazanyp bolýar.
PsExec howpsuzlyk meselesi Tenable kompaniýasynyň zyýanly programma üpjünçiligi boýunça gözlegçi Dewid Wells tarapyndan ýüze çykaryldy.
Bilermen gowşaklygyň operasion ulgamynyň Windows XP-den başlap Windows 10-a çenli wersiýalaryna täsir edýändigini anyklady. Bu gowşaklyk PsExec guralynyň v1.72-den başlap v2.2 çenli birnäçe wersiýalaryna täsir edýändigi barada hem mälim boldy.
Çeşme: anti-malware.ru
11 Ýanwar 2021