OpenSSL döredijileri howpsuzlyk täzelenmeleri çykardylar
OpenSSL döredijileri OpenSSL kitaphananyň howpsuzlyk gowşaklygy (CVE-2022-2068) aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmeleri çykardylar. Ýaramaz niýetli ulanyjy nyşana alnan ulgamda islendik buýruklary ýerine ýetirmek üçin bu gowşaklykdan peýdalanyp biler. Bu gowşaklyk OpenSSL 1.0.2, 1.1.1 we 3.0 wersiýalaryna täsir edýär. OpenSSL döredijileri bu gowşaklygy 1.0.2zf (giňişleýin goldaw bilen üpjün edilen müşderiler üçin), 1.1.1p we 3.0.4 wersiýalary çykarmak arkaly düzetdiler. Gowşaklyk we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty OpenSSL howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz - openssl.org.
27 Iýun 2022