Çarşenbe, 09 Iýul 2025

QNAP kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleri çykardy

QNAP kompaniýasy birnäçe önümlerine täsir edýän howpsuzlyk gowşaklygy (CVE-2019-11043) barada ulanyjylaryna habar berdi. Ýaramaz niýetli ulanyjy nyşana alnan ulgamda uzaklykdan kod ýerine ýetirmek üçin bu gowşaklykdan peýdalanyp biler. Bu gowşaklyk häzirki wagtda QNAP operasion ulgamynyň birnäçe wersiýalaryna, ýagny QuTScloud c5.0.x wersiýasyna, QTS 5.0.x, 4.5.x wersiýalaryna, QuTS hero h5.0.x, h4.5.x wersiýalaryna täsir edýär. Gowşaklyk QTS 5.0.1.2034 build 20220515 we QuTS hero h5.0.0.2069 build 20220614 wersiýalarynda düzedildi.

Gowşaklyk we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty QNAP howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz – qnap.com.

 

27 Iýun 2022

-
89