Google Play Store dükanda zyýanly programma üpjünçiligi ýüze çykaryldy
Gözlegçiler Google Play Store dükanda mahabatlary görkezýän programmalary we maglumatlary ogurlamak üçin niýetlenen zyýanly programma üpjünçiligini ýüze çykardylar. Bu programmalardan bäşisi dükanda häzirki wagtda hem elýeterli bolup, iki milliondan gowrak ulanyjylar tarapyndan ýüklenip alyndy.
«Doctor Web» kompaniýanyň hasabatynda 2022-nji ýylyň maý aýynda mahabatlary görkezýän programmalar we maglumatlary ogurlaýan troýanlar Android üçin iň köp ýaýran howplaryň biridigi aýdylýar. Google Play Store dükanda beýleki programmalaryň habarlaryndan maglumatlary ogurlap bilýän köp sanly içaly programmalar hem tapyldy. Bu zyýanly programma üpjünçiligi, esasan, bir gezeklik ulanylýan 2FA kodlaryny almaga we başga adamlaryň hasaba alyş ýazgylaryny almaga gönükdirilendir.
Google Play Store dükanda aşakda görkezilen bäş zany zyýanly programmalar häzirki wagtda hem saklanýarlar:
Şeýle hem, Cyble kompaniýanyň bilermenleri Google Play Store dükanda ýüze çykarylan zyýanly programma üpjünçiligi barada hasabatyny neşir etdiler. Bilermenler Google Play Store-da Hydra bank troýany ýüze çykardylar, bu troýan teksti PDF görnüşine öwürmek we QR kodlary skanirlemek funksiýalary bolan PDF-resminamalar bilen işlemek üçin niýetlenen programma (Document Manager) hökmünde özüni görkezýärdi. Cyble analitikleri bu zyýanly programma Google Play Store dükanyndan aýrylandygy, emma resmi däl dükanlarda duş gelip bilýändigi barada bellediler.
Çeşme: xakep.ru
21 Iýun 2022