Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Microsoft kompaniýasy 2022-nji ýylyň iýun aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Microsoft kompaniýasy programma üpjünçiliginiň birnäçe gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Microsoft 2022-nji ýylyň iýun aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde 55 sany gowşaklyklary düzetdi.

Düzedilen gowşaklyklaryň arasyndan 12 sany gowşaklyk – hukuklary artdyrmak, 27 - uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 11 – maglumatlary aýan etmek, 3 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek, 1 - spoofing amala aşyrmak we 1 - howpsuzlyk çäklendirmelerinden aýlanyp geçmek mümkinçilikleri berýärler.

Şeýle hem, 2022-nji ýylyň iýun aýynyň «Sişenbe düzedişleri» 0-day gowşaklygy üçin düzedişleri öz içine alýar, bu gowşaklyk:

CVE-2022-30190 - Microsoft Windows Support Diagnostic Tool (MSDT) düzüm böleginde uzaklykdan kod ýerine ýetirmek gowşaklygy.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2022-nji ýylyň iýun aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz microsoft.com.

Çeşme: bleepingcomputer.com

15 Iýun 2022

-
75