Fortinet kompaniýasy 2022-nji ýylyň iýun aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Fortinet kompaniýasy önümleriniň köp sanly gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Gowşaklyklar FortiAP-U, FortiAuthenticator, FortiClient (Windows), FortiDDoS, FortiTokenMobile, FortiOS, FortiManager, FortiAnalyzer, FortiSandbox önümlerinde ýüze çykaryldy. Ýaramaz niýetli ulanyjy uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, gizlin maglumatlary aýan etmek, howpsuzlyk çäklendirmelerden aýlanyp geçmek, spufing we saýtara skripting (XSS) amala aşyrmak üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Fortinet howpsuzlyk maslahatlarynda görüp bilersiňiz – fortinet.com.
09 Iýun 2022