2022-nji ýylyň iýun aýynyň Android täzelenmeleri köp sanly gowşaklyklary düzedýärler
Google kompaniýasy 2022-nji ýylyň iýun aýynyň howpsuzlyk maslahatyny neşir etdi, bu howpsuzlyk täzelenmeler toplumy köp sanly gowşaklyklary, şol sanda bäş sany örän howply gowşaklyklary aýyrmak üçin düzedişleri öz içine alýar.
Howpsuzlyk täzelenmeleriniň birinji bölüminiň (2022-06-01) çykmagy bilen jemi 22 sany gowşaklyklar düzedildi. Bu gowşaklyklar Framework, Media Framework, System we Google Play system düzüm böleklerinde düzedildi. Bu gowşaklyklara on bäş sany hukuklary artdyrmak, üç sany "Hyzmat etmekden ýüz öwürmek" ýagdaýyna getirmek (DoS) mümkinçiligini berýän gowşaklyklary, iki sany uzaklykdan kod ýerine ýetirmek gowşaklyklary we iki sany maglumatlary aýan etmek gowşaklyklary girýärler.
2022-nji ýylyň iýun aýynyň düzedişler toplumynyň ikinji bölümi (2022-06-05) Kernel, MediaTek, Unisoc we Qualcomm düzüm böleklerinde jemi 18 sany gowşaklyklary üçin düzedişleri öz içine alýar.
Şeýle hem, Google kompaniýasy Pixel enjamlary üçin düzedişleri çykaryp, Framework, Media Framework, System, Kernel, Pixel we Qualcomm düzüm böleklerinde köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrandygy barada habar berdi.
08 Iýun 2022