Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Cisco kompaniýasy önümlerinde köp sanly gowşaklyklary aýyrdy

Cisco kompaniýasy önümlerinde köp sanly gowşaklyklary aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini we wagtlaýyn çözgütleri köpçülige çykardy.

Cisco kompaniýasy Spring Framework programmanyň howply uzaklykdan kod ýerine ýetirmek gowşaklygy (CVE-2022-22965) aýyrmak üçin çykarylan howpsuzlyk maslahatyny täzelemek bilen bu maslahatda gowşak Cisco önümleriň we olar üçin çykarylan düzedişleriň sanawyny täzeledi.

Şeýle hem, Cisco kompaniýasy Cisco Adaptive Security Appliance programma üpjünçiliginde, Firepower Threat Defense programma üpjünçiliginde, 6800, 7800, 8800 tapgyrly Cisco IP-telefonlarynda we Cisco IOS XR programma üpjünçiliginde ýokary we orta derejede howply gowşaklyklary (CVE-2022-20742, CVE-2022-20715, CVE-2022-20759, CVE-2022-20737, CVE-2022-20760, CVE-2022-20774, CVE-2022-20821) aýyrmak üçin howpsuzlyk maslahatlaryny täzeledi. Ýaramaz niýetli ulanyjy gowşak enjamda maglumatlary okamak we üýtgetmek, hukuklary artdyrmak we «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýy getirmek üçin bu gowşaklyklardan peýdalanyp biler.

Ähli düzedilen gowşaklyklar barada giňişleýin maglumaty Cisco howpsuzlyk sahypasynda görüp bilersiňiz – cisco.com.

07 Iýun 2022

-
96