Microsoft 0-day gowşaklygy üçin wagtlaýyn çözgütleri çykardy
Microsoft kompaniýasy täzelikde ýüze çykarylan Office paketiň 0-day gowşaklygy boýunça görkezmäni neşir etdi, bu gowşaklygyň ulanylmagy gowşak ulgamda kod ýerine ýetirmek mümkinçiligini berýär. Gowşaklyk üçin CVE-2022-30190 identifikatory bilen CVSS-görkezijisi boýunça 7.8 derejesi berildi. Gowşaklyk Microsoft Office programma üpjünçiliginiň Office 2013, Office 2016, Office 2019 we Office 2021 ýaly wersiýalaryna, şeýle hem Professional Plus neşirlerine täsir edýär. Bu gowşaklygyň üstünlikli ulanylmagy ýaramaz niýetli ulanyjy üçin erkin kod ýerine ýetirmek mümkinçiligini berip bilýär. Soňra ýaramaz niýetli ulanyjy programmalary gurnamak, maglumatlary görmek, üýtgetmek ýa-da aýyrmak, şeýle hem ulanyjynyň rugsat berlen hukuklarynyň çäginde täze hasap ýazgylary döretmek ýaly zyýanly hereketleri ýerine ýetirip biler.
Gowşaklyk we wagtlaýyn çözgütler barada goşmaça maglumaty Microsoft görkezmesinde görüp bilersiňiz – microsoft.com.
31 Maý 2022