Zyxel köp sanly önümlerinde howpsuzlyk gowşaklyklaryny düzetdi
Zyxel kompaniýasy köp sanly önümlerine täsir edýän howpsuzlyk gowşaklyklary (CVE-2022-0734, CVE-2022-26531, CVE-2022-26532, CVE-2022-0910) barada ulanyjylaryna habar bermek üçin howpsuzlyk maslahaty çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy maglumatlary aýan etmek, ulgamda bökdençlik döretmek, islendik operasion ulgamyň buýruklaryny ýerine ýetirmek we autentifikasiýa barlagy aýlanyp geçmek üçin bu gowşaklyklardan peýdalanyp biler. Gowşaklyklar USG/ZyWALL, USG FLEX, ATP, VPN, NSG faýerwollaryna, NXC2500 we NXC5500 giriş nokatlaryň dolandyryjylaryna, şeýle hem dürli giriş nokatlaryna, şol sanda NAP, NWA, WAC we WAX tapgyrly modellerine täsir edýärler.
Zyxel bu gowşaklyklary önümlerinde aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Zyxel howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz – zyxel.com.
30 Maý 2022