Cisco birnäçe önümleri üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Cisco kompaniýasy birnäçe önümleriniň gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini we wagtlaýyn çözgütleri köpçülige çykardy.
Cisco kompaniýasy Adaptive Security Appliance programma üpjünçiligine we Firepower Threat Defense programma üpjünçiligine täsir edýän ýokary derejede howply gowşaklygy (CVE-2022-20759) aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy hukuklary artdyrmak üçin bu gowşaklykdan peýdalanyp biler.
Şeýle hem, Cisco kompaniýasy Cisco Expressway Series and Cisco TelePresence VCS, Cisco IOS XR, Cisco Secure Network Analytics, Cisco Enterprise Chat and Email (ECE), Cisco Common Services Platform Collector (CSPC), Cisco UCS Director önümlerinde orta derjede howply gowşaklyklary (CVE-2022-20806, CVE-2022-20807, CVE-2022-20809, CVE-2022-20821, CVE-2022-20797, CVE-2022-20802, CVE-2022-20666, CVE-2022-20667, CVE-2022-20668, CVE-2022-20669, CVE-2022-20670, CVE-2022-20671, CVE-2022-20672, CVE-2022-20673, CVE-2022-20674, CVE-2022-20765) aýyrdy. Ýaramaz niýetli ulanyjy gowşak ulgamda islendik faýllary ýazmak, gizlin maglumatlary aýan etmek, islendik buýruklary ýerine ýetirmek we saýtara skripting (XSS) ýerine ýetirmek üçin bu gowşaklyklardan peýdalanyp biler.
Ähli düzedilen gowşaklyklar barada giňişleýin maglumaty Cisco howpsuzlyk sahypasynda görüp bilersiňiz – cisco.com.
26 Maý 2022