Çarşenbe, 09 Iýul 2025

VMware howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Vmware kompaniýasy Windows üçin niýetlenen VMware Tools önüminde howpsuzlyk gowşaklygy (CVE-2022-22977) aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. VMware bu gowşaklyk üçin orta derejede howply diýip baha berip, CVSSv3 görkezijisi boýunça 5.8 derejesini berdi. Ýaramaz niýetli ulanyjy gowşak ulgamda «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek ýa-da maglumatlary aýan etmek üçin bu gowşaklykdan peýdalanyp biler. Gowşaklyk VMware Tools for Windows 12.0.0, 11.x.y we 10.x.y wersiýalaryna täsir edýär we 12.0.5 wersiýasynda düzedildi.

Gowşaklyk we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Vmware howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz – VMSA-2022-0015.

25 Maý 2022

-
92