Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Windows 10 ulgamynyň täzelenmesi Flash Player-i hemişelik aýyrýar

Microsoft kompaniýasy Adobe Flash Player programmany hemişelik aýyrýan Windows 10 operasion ulgamy üçin täzelenme paýlap başlady. KB4577586 belgili täzelenme 2021-nji ýylyň fewral aýynyň başynda çykan täzelenmeler toplumynyň bir bölegi bolup, Windows 10 ulgamynyň 20H2, 2004 we has irki wersiýalary üçin taýýarlandy.

KB4577586 belgili täzelenme islege görä gurnamak görnüşinde hödürlenmegine garamazdan, bu täzelenme ulanyjy “Windows-yň täzelenmeler merkezinde” “Täzelenmeleri barlamak” (Check for Updates) düwmesine basanda awtomatiki usulda ulgama ýüklenilýär. Bu täzelenme operasion ulgamynyň ähli wersiýalaryndan Adobe Flash Player programmany düýbünden aýyrmak üçin niýetlenip, geljekki birnäçe hepdäniň dowamynda köp sanly ulanyjylar üçin Windows ulgamynyň täzelenmeler merkezi (Windows Update) arkaly ýaýradylar.

Çeşme: securitylab.ru

18 Fewral 2021

-
80