Cisco kompaniýasy önümlerinde köp sanly gowşaklyklary aýyrdy
Cisco kompaniýasy önümlerinde köp sanly gowşaklyklary aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini köpçülige çykardy.
Cisco kompaniýasy Cisco Catalyst 9000 Family Switches swiçler we Cisco Catalyst 9000 Family Wireless Controllers dolandyryjylary üçin niýetlenen Cisco IOS XE programma üpjünçiliginde ýokary derejede howply gowşaklygy (CVE-2022-20681) aýyrmak üçin howpsuzlyk maslahatyny täzeledi. Ýaramaz niýetli ulanyjy gowşak enjamda hukuklary artdyrmak üçin bu gowşaklykdan peýdalanyp biler.
Şeýle hem, Cisco kompaniýasy birnäçe Cisco platformalarynda Cisco Iox programmalary ýerleşdirmek gurşawynda orta derejede howply gowşaklyklary (CVE-2022-20677, CVE-2022-20718, CVE-2022-20719, CVE-2022-20720, CVE-2022-20721, CVE-2022-20722, CVE-2022-20723, CVE-2022-20724, CVE-2022-20725, CVE-2022-20726, CVE-2022-20727) aýyrmak üçin howpsuzlyk maslahatyny täzeledi. Ýaramaz niýetli ulanyjy gowşak ulgamda islendik buýruklary goşmak, erkin kod ýerine ýetirmek, programmalary gurnamak ýa-da saýtara skripting (XSS) amala aşyrmak üçin bu gowşaklyklardan peýdalanyp biler.
Ähli düzedilen gowşaklyklar barada giňişleýin maglumaty Cisco howpsuzlyk sahypasynda görüp bilersiňiz – cisco.com.
16 Maý 2022