Palo Alto Networks kompaniýasy önümlerinde gowşaklyklary aýyrdy
Palo Alto Networks kompaniýasy Cortex XDR Agent, Cortex XSOAR we PAN-OS önümleriniň howpsuzlyk gowşaklyklaryny aýyrmak üçin düzedişleriň çykarylandygy barada habar berdi. Täzelenmeler aşakda görkezilen meseleleri düzedýärler:
CVE-2022-0024 – Palo Alto Networks PAN-OS programma üpjünçiliginiň howpsuzlyk gowşaklygy bolup, bu gowşaklyk ýörite döredilen sazlamalary ýükläp, ulgam prosesleri bozmak we root hukuklary bilen erkin kod ýerine ýetirmek mümkinçilikleri berip bilýär;
CVE-2022-0025 - Windows üçin niýetlenen Palo Alto Networks Cortex XDR Agent programma üpjünçiliginiň lokal görnüşde hukuklary artdyrmak gowşaklygy;
CVE-2022-0026 - Windows üçin niýetlenen Palo Alto Networks Cortex XDR Agent programma üpjünçiliginiň lokal görnüşde hukuklary artdyrmak gowşaklygy;
CVE-2022-0027 - Palo Alto Network Cortex XSOAR programma üpjünçiliginde ýalňyş awtorizasiýa bilen baglanyşykly gowşaklygy.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Palo Alto Networks howpsuzlyk maslahatlarynda görüp bilersiňiz - paloaltonetworks.com.
13 Maý 2022