Intel kompaniýasy BIOS ulgamynyň howply gowşaklyklaryny düzetdi
Intel kompaniýasy önümlerinde köp sanly gowşaklyklary, şol sanda birnäçe prosessor modellerinde BIOS ulgamynyň howply gowşaklyklaryny aýyrmak üçin düzedişleri çykardy.
Intel habaryna görä, 9 sany beýan edilen howply we 2 sany orta derejede howply gowşaklyklar Intel Xeon, Pentium Silver, Rocket Lake Xeon, Core we Core X Series prosessorlaryna täsir edýärler. BIOS ulgamynyň howpsuzlyk gowşaklyklary hukuklary artdyrmak mümkinçilikleri berýärler we olaryň arasynda iň howply gowşaklyklar CVE-2021-0154, CVE-2021-0153, CVE-2021-33123, CVE-2021-0190 bolup, olara CVSS-görkezijisi boýunça 8.2 dereje berildi.
Şeýle hem, Intel kompaniýasy Optane SSD we Intel Optane SSD Data Center (DC) önümlerinde sekiz sany gowşaklyklar, şol sanda üç sany ýokary derejede howply we bäş sany orta derejede howply gowşaklyklar barada beýan etdi.
Şeýle hem, kompaniýa hukuklary artdyrmak mümkinçilikleri berip bilýän Intel prosessorlary üçin niýetlenen Intel® Boot Guard we Intel® Trusted Execution Technology (TXT) düzüm böleklerinde howpsuzlyk gowşaklyklary düzetdi. Bu mesele birnaçe Intel prosessorlaryna, şol sanda soňky çykan üç sany Intel Core nesillerine, birnäçe Celeron, Atom, Pentium, Xeon, Gold we Silver modellerine we birnäçe çipset tapgyrlaryna täsir edýär.
Şeýle hem, kompaniýa NUC programma üpjünçiliginiň we In-Band Manageability programma üpjünçiliginiň howply gowşaklyklaryny hem-de Advisor, XTU, Killer Control Center, Manageability Commander we SGX platformasynyň gowşaklyklaryny aýyrmak üçin düzedişleri barada maglumaty köpçülige çykardy.
Çeşme: securitylab.ru
13 Maý 2022