Mercedes-Benz kompaniýasy 1,2 million awtoulaglaryny yzyna çagyrdy
Awtoulaglary öndürýän Mercedes-Benz kompaniýasy gyssagly çagyryş ulgamynyň işinde dörän meseleleri sebäpli bir milliondan gowrak ulaglary yzyna çagyrmaga mejbur boldy.
Mesele heläkçilik bolan ýagdaýynda kömek hyzmatlaryna gyssagly habar ibermek üçin niýetlenen eCall ulgamynda ýüze çykaryldy. ABŞ-da ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça iş alyp barýan Milli müdirliginiň (NHTSA) habaryna görä, eCall tarapyndan iberilýän habarlar nädogry maglumatlary saklap bilýär.
Bu mesele ABŞ-da 2016-njy ýyldan 2021-nji ýyla çenli çykarylan 1 292 258 ulaglara, şol sanda A, B, C, E, GT, S, SL, SLC, CLA, CLS, G, GLA, GLB, GLC, GLE we GLS görnüşli awtoulaglaryna täsir edýär. NHTSA müdirliginiň habaryna görä, Mercedes-Benz öndüriji tarapyndan meseleli ulaglarda awtomatik gyssagly çagyryş ulgamy üçin aragatnaşyk modulynyň programma üpjünçiligi täzelener ýa-da eCall ulgamy howanyň üsti bilen (OTA) täzelenmegi mümkin.
Çeşme: securitylab.ru
17 Fewral 2021