Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Microsoft kompaniýasy 2022-nji ýylyň maý aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Microsoft kompaniýasy programma üpjünçiliginiň birnäçe gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Microsoft 2022-nji ýylyň maý aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde 75 sany gowşaklyklary düzetdi.

Düzedilen gowşaklyklaryň arasyndan 21 sany gowşaklyk – hukuklary artdyrmak, 26 - uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 17 – maglumatlary aýan etmek, 6 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek, 4 – howpsuzlyk çäklendirmelerden aýlanyp geçmek we 1 - spoofing amala aşyrmak mümkinçilikleri berýärler.

Şeýle hem, 2022-nji ýylyň maý aýynyň «Sişenbe düzedişleri» üç sany 0-day gowşaklyklary üçin düzedişleri öz içine alýar, bu gowşaklyklar:

CVE-2022-26925 - Windows LSA düzüm böleginde Spoofing amala aşyrmak mümkinçiligini berýän gowşaklyk;

CVE-2022-22713 - Windows Hyper-V ulgamynda «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek mümkinçiligini berýän gowşaklyk;

CVE-2022-29972 - Magnitude Simba Amazon Redshift ODBC draýweriň gowşaklygy.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2022-nji ýylyň maý aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz microsoft.com.

11 Maý 2022

-
117