Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Joker atly zyýanly programma üpjünçiligi ýene-de Google Play Store dükanyna aralaşdy

Google Play dükanynda Joker troýany ýükleýän programmalar ýüze çykaryldy. Bu zyýanly programma üpjünçiligi premium hyzmatlaryna gizlin abuna ýazýanlygy bilen bellidir. Şeýle hem, bu zyýanly programma üpjünçiligi SMS habarlary, gizlin maglumatlary we kontaktlaryň sanawyny ogurlaýar.

Joker bilen zäherlenen üç sany programmalaryň sanawy aşakda getirilýär. Bu programmalar 2022-nji ýylyň fewral aýynyň ahyrynda Kaspersky laboratoriýasynyň hünärmenleri tarapyndan ýüze çykaryldy. Zäherlenen programmalar Google Play dükanyndan aýrylmagyna garamazdan, başga programma dükanlarynda henizem saklanýarlar:

Style Message (com.stylelacat.messagearound);

Blood Pressure App (blood.maodig.raise.bloodrate.monitorapp.plus.tracker.tool.health);

Camera PDF Scanner (com.jiao.hdcam.docscanner).

Çeşme: securitylab.ru

10 Maý 2022

-
363