Samsung 2022-nji ýylyň maý aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Samsung kompaniýasy 2022-nji ýylyň maý aýynda Google tarapyndan çykarylan Android ulgamy üçin niýetlenen düzedişlerden we Samsung-yň öz programma üpjünçiligi üçin niýetlenen düzedişlerden ybarat bolan howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Google ýedi sany örän howply gowşaklyklary we ondan gowrak ýokary we orta derejede howply howpsuzlyk gowşaklyklary düzetdi.
Samsung kompaniýanyň 2022-nji ýylyň maý aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri Android 10, Android 11 we Android 12 bilen işleýän Galaxy enjamlaryna täsir edýän Weather, ýagny howa görkezýän programmasynda rugsat bermek prosesi nädogry ýerine ýetirmek gowşaklygy aýyrdy. Kompaniýa ýaramaz niýetli ulanyjy üçin ulgam hukuklary bilen islendik hereketleri ýerine ýetirmek mümkinçiligi berýän gowşaklygy we gurnaýjy programmanyň işläp gutarmazyndan öň paketleri gurnamaga mümkinçilik berýän meseläni aýyrdy. Şeýle hem, Samsung ýaramaz niýetli ulanyjy üçin paketleri rugsatsyz aýyrmaga mümkinçilik berýän Galaxy Themes programmanyň gowşaklygyny düzetdi.
Çeşme: samsungmobile.com
06 Maý 2022