Microsoft kompaniýasy Windows 10 1909 goldawyny 2021-nji ýylyň maý aýynda bes eder
Microsoft kompaniýasy ulanyjylara Windows 10 ulgamynyň 1909 wersiýasynyň (2019-njy ýylyň noýabr aýynyň esasy täzelenmesi) goldawynyň bes edilmegi barada ýatlatdy. Kompaniýanyň meýilnamalaryna görä, operasion ulgamynyň bu wersiýasy 2021-nji ýylyň maý aýynda könelişen hasaplanar.
Şunuň ýaly, Microsoft kompaniýasy üç aýdan soň tehniki goldawy bilen üpjün etmegi, şeýle hem Windows 10 1909 üçin ýamalary we düzedişleri çykarmagy bes eder. Microsoft kompaniýasy ulgamyň köne wersiýasyny ulanýan ähli ulanyjylara gysga wagtyň içinde operasion ulgamynyň täze wersiýasyny gurnamak maslahat berýär - bu kiberhadysalardan goranmak üçin ýardam eder.
“Windows 10 ulgamynyň 1909 wersiýasynyň Home, Pro, Pro Education, Pro for Workstations editions görnüşleriniň, şeýle hem Windows Server 1909 wersiýasynyň ähli neşirleriniň möhleti 2021-nji ýylyň maý aýynyň 11-ne tamamlanar. Maý aýyň 11-den soň tehniki goldaw üçin ýüz tutan ulanyjylar operasion ulgamynyň täzelenmesine gönükdiriler”, - diýip Microsoft habar berýär.
Education we Enterprise neşirleriň goldawy ýene bir ýyl dowam eder, emma 2022-nji ýylyň maý aýynyň 11-ne olaryň möhletleri hem gutarar. Şeýle hem maý aýynda, Microsoft 1803 we 1809 wersiýalaryň goldawyny bes eder.
Çeşme: anti-malware.ru
16 Fewral 2021