Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Fortinet kompaniýasy 2022-nji ýylyň maý aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Fortinet kompaniýasy önümleriniň köp sanly gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Gowşaklyklar FortiClient, FortiIsolator, FortiNAC, FortiOS, FortiProxy, FortiSOAR we FortiFone önümlerinde ýüze çykaryldy. Ýaramaz niýetli ulanyjy uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, maglumatlary aýan etmek, howpsuzlyk çäklendirmelerden aýlanyp geçmek, hukuklary artdyrmak, saýtara skripting (XSS) amala aşyrmak we “hyzmat etmekden ýüz öwürmek” ýagdaýyny getirmek üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Fortinet howpsuzlyk maslahatlarynda görüp bilersiňiz – fortiguard.com.

05 Maý 2022

-
90