Çarşenbe, 09 Iýul 2025

OpenSSL döredijileri howpsuzlyk täzelenmeleri çykardylar

OpenSSL döredijileri OpenSSL kitaphananyň birnäçe howpsuzlyk gowşaklyklaryny (CVE-2022-1292, CVE-2022-1343, CVE-2022-1434, CVE-2022-1473) aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmeleri çykardylar. Ýaramaz niýetli ulanyjy nyşana alnan ulgamda erkin kod ýerine ýetirmek, howpsuzlyk çäklendirmelerden aýlanyp geçmek, maglumatlary aýan etmek we “hyzmat etmekden ýüz öwürmek” ýagdaýyna getirmek üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler. Bu gowşaklyklar OpenSSL 1.0.2, 1.1.1 we 3.0 wersiýalaryna täsir edýärler. OpenSSL döredijileri bu gowşaklyklary 1.0.2ze (giňişleýin goldaw bilen üpjün edilen müşderiler üçin), 1.1.1o we 3.0.3 wersiýalary çykarmak arkaly düzetdiler.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty OpenSSL howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz - openssl.org.

05 Maý 2022

-
89