Çarşenbe, 09 Iýul 2025

QNAP kompaniýasy birnäçe önümlerine täsir edýän howply gowşaklyklar barada habar berdi

QNAP kompaniýasy birnäçe önümlerine täsir edýän howply gowşaklyklar barada ulanyjylaryna habar berdi. Ýaramaz niýetli ulanyjy nyşana alnan ulgamda uzaklykdan kod ýerine ýetirmek üçin bu gowşaklyklardan peýdalanyp biler. Bu gowşaklyklar häzirki wagtda QNAP operasion ulgamynyň birnäçe wersiýalaryna, ýagny QuTScloud c5.0.x wersiýasyna, QTS 5.0.x, 4.5.4, 4.3.6, 4.3.4, 4.3.3, 4.2.6 we has irki wersiýalaryna, QuTS hero h5.0.x, 4.5.4.x we has irki wersiýalaryna täsir edýärler. Gowşaklyklar QTS 4.5.4.2012 build 20220419 wersiýasynda düzedildi. Şeýle hem, QNAP kompaniýasy ähli gowşak ulgamlarynda bu howply gowşaklyklar üçin düzedişler çykarylmagyna çenli ulanyjylara NAS enjamlarynda AFP protokolyny öçürmegi maslahat berýär.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty QNAP howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz – qnap.com.

 

04 Maý 2022

-
86