Çarşenbe, 09 Iýul 2025

2022-nji ýylyň maý aýynyň Android täzelenmeleri köp sanly gowşaklyklary düzedýärler

Google kompaniýasy 2022-nji ýylyň maý aýynyň howpsuzlyk maslahatyny neşir etdi, bu howpsuzlyk täzelenmeler toplumy köp sanly gowşaklyklary, şol sanda bir sany örän howply gowşaklygy aýyrmak üçin düzedişleri öz içine alýar.

Howpsuzlyk täzelenmeleriniň birinji bölüminiň (2022-05-01) çykmagy bilen jemi 13 sany gowşaklyklar düzedildi. Bu gowşaklyklar Framework, System we Google Play system düzüm böleklerinde düzedildi. Bu gowşaklyklara ýedi sany hukuklary artdyrmak, dört sany maglumatlary aýan etmek we iki sany "Hyzmat etmekden ýüz öwürmek" ýagdaýyna getirmek (DoS) mümkinçilikleri berýän gowşaklyklar girýärler.

2022-nji ýylyň maý aýynyň düzedişler toplumynyň ikinji bölümi (2022-05-05) Kernel, MediaTek we Qualcomm düzüm böleklerinde jemi 23 sany gowşaklyklary üçin düzedişleri öz içine alýar.

Şeýle hem, Google kompaniýasy Pixel enjamlary üçin düzedişleri çykaryp, Pixel we Qualcomm düzüm böleklerinde on bir sany howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrandygy barada habar berdi.

Çeşme: android.com

03 Maý 2022

-
324