Telegram gizlin habarlaryň mediafaýllaryny saklaýardy
Meşhur habarlary alyşmak üçin niýetlenen Telegram programmasynyň macOS ulgamy üçin döredilen wersiýasynda ulanyjynyň gizlinligini bozýan gowşaklyk ýüze çykaryldy. Bu mesele howpsuzlyk boýunça gözlegçi Dhiraj Mişra tarapyndan Telegram 7.3 wersiýasynda tapyldy. Bu gowşaklygyň ulanylmagy gizlin hatlardan öz-özünden ýitýän habarlaryň ýitirim bolmagyndan uzak wagt geçensoň audio we wideo habarlaryny almak mümkinçiligini berýärdi.
Signal ýa-da WhatsApp programmalaryndan tapawutlylykda, Telegram habarlary deslapky görnüşde şifrlenmedik, diňe ulanyjylar gizlin hat alyşmak opsiýasyny ulanan ýagdaýynda, Telegram serwerlerinde hem maglumatlar şifrlenen görnüşinde saklanýarlar. Gizlin hat alyşmak arkaly öz-özünden ýitýän habarlary ibermek mümkinçiligi hem bar.
Gözlegçiniň sözlerine görä, ulanyjy adaty görnüşde habarlary alyşmak arkaly audio ýa-da wideo habaryny ýazyp, iberende programma ýazylan habaryň ".mp4" formatda saklanylýan ýeriniň takyk ýoluny görkezýär. Gizlin hatlary alyşmak opsiýasy işledilen ýagdaýynda, maglumatyň saklanýan ýeriniň ýoly görkezilmeýär, emma ýazylan habar öňki ýaly şol bir ýerde saklanýar.
Ulanyjy gizlin hatlary alyşmak arkaly öz-özünden ýitýän habarlary alan ýagdaýynda, multimediýa habary ekrandan aýrylmagyna garamazdan ulgamda saklanyp galýar.
“Telegram döredijileri “gizlin habarlar” yz galdyrmaýarlar diýip habar berýärler, emma bu habarlaryň lokal nusgasy görkezilen ýol boýunça saklaýandygyny”, - Mişra habar berdi.
Bilermen Telegram programmasynyň macOS ulgamy üçin niýetlenen wersiýasynda ýene bir meseläni ýüze çykardy, bu mesele lokal açar sözleriň JSON faýlyň içinde açyk tekst görnüşinde saklanýanlygy bilen baglanyşykly bolup durýar.
Iki gowşaklyk hem programmanyň 7.4 wersiýasynda düzedildi.
Çeşme: securitylab.ru
15 Fewral 2021