Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Cisco birnäçe önümleri üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Cisco kompaniýasy birnäçe önümlerin gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini köpçülige çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy gowşak ulgamy dolandyrmak mümkinçiligini gazanmak üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp bilýär.

Cisco kompaniýasy Cisco Virtualized Infrastructure Manager, Cisco Umbrella VA, Cisco TelePresence CE we Cisco RoomOS önümlerinde ýokary derejede howply gowşaklyklary (CVE-2022-20732, CVE-2022-20773, CVE-2022-20783) aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmeleri we wagtlaýyn çözgütleri çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy gowşak ulgamda gizlin maglumatlary almak, hukuklary artdyrmak, administrator hasaba alyş ýazgylary almak, sazlamalary üýtgetmek we "hyzmat etmekden ýüz öwürmek" ýagdaýyny getirmek (DoS) üçin bu gowşaklyklardan peýdalanyp biler.

Cisco kompaniýasy Cisco Webex, Cisco Adaptive Security Appliance, Cisco Firepower Threat Defense, Cisco Umbrella, Cisco Unified Communication Manager we Cisco IOS XR önümlerine täsir edýän orta derejede howply gowşaklyklary üçin düzedişleri hem çykardy. Ähli düzedilen gowşaklyklar barada giňişleýin maglumaty Cisco howpsuzlyk sahypasynda görüp bilersiňiz – cisco.com.

22 Aprel 2022

-
96