Lenovo UEFI gowşaklyklary 100-den gowrak noutbuk modellerine täsir edýär
Lenovo howpsuzlyk maslahaty çykaryp, maslahatda kompaniýanyň 100-den gowrak noutbuk modellerinde ulanylýan UEFI interfeýsiniň üç sany gowşaklyklary (CVE-2021-3970, CVE-2021-3971, CVE-2021-3972) barada habar berdi. Gowşaklyklar zyýanly programma üpjünçiligini girizmek we erkin kod ýerine ýetirmek mümkinçilikleri berip bilýärdiler. Gowşaklyklaryň ählisi geçen ýylyň oktýabr aýynda ESET gözlegçileri tarapyndan ýüze çykaryldy. Häzirki wagtda bu gowşaklyklary aýyrmak üçin düzedişler çykaryldy.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Lenovo howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz – lenovo.com.
21 Aprel 2022