Palo Alto Networks kompaniýasy önümlerinde gowşaklyklary aýyrdy
Palo Alto Networks kompaniýasy Palo Alto Networks Cortex XDR Agent önüminiň maglumatlary aýan etmek gowşaklygy barada ulanyjylara habar berdi (PAN-SA-2022-0001). Ýaramaz niýetli ulanyjy ulgamy dolandyrmak mümkinçiligi gazanmak üçin bu gowşaklykdan peýdalanyp biler.
Şeýle hem, kompaniýa ulanyjylara PAN-OS programma üpjünçiliginde DNS proksi funksiýasyna täsir edýän «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» (DoS) ýagdaýyna getirmek mümkinçiligi berýän gowşaklygy (CVE-2022-0023) barada habar berdi. Ýaramaz niýetli ulanyjy ýörite döredilen trafigi ulanmak arkaly gowşak faýerwollaryň işini bozup biler. Düzedişler ähli goldanýan PAN-OS wersiýalary üçin çykaryldy.
Palo Alto kompaniýasy PAN-OS, GlobalProtect App we Cortex XDR Agent önümlerine täsir edýän OpenSSL kitaphanasynyň «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» (DoS) ýagdaýyna getirýän gowşaklygy (CVE-2022-0778 ) boýunça hem howpsuzlyk maslahatyny çykardy.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Palo Alto Networks howpsuzlyk maslahatlarynda görüp bilersiňiz - paloaltonetworks.com.
21 Aprel 2022