VMware howpsuzlyk täzelenmesini çykardy
VMware kompaniýasy vSphere Replication önüminiň gowşaklygyny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy gowşak ulgamy dolandyrmak mümkinçiligini gazanmak üçin bu gowşaklykdan peýdalanyp bilýär. vSphere Replication täzelenmeleri buýruklary girizmek bilen baglanyşykly gowşaklygy (CVE-2021-21976) aýyrýarlar. VMware bu mesele üçin CVSSv3 görkezijisi boýunça 7.2 derejesini berdi.
Gowşaklyk we täzelenme barada goşmaça maglumaty VMware kompaniýasynyň howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz - VMSA-2021-0001.
15 Fewral 2021