Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Cisco birnäçe önümleri üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Cisco kompaniýasy birnäçe önümlerin gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini köpçülige çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy gowşak ulgamy dolandyrmak mümkinçiligini gazanmak üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp bilýär.

Cisco kompaniýasy Wireless LAN Controller (WLC) programma üpjünçiligiň howply gowşaklygyny (CVE-2022-20695) aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy, bu gowşaklyk ýaramaz niýetli ulanyjy üçin autentifikasiýa barlagy aýlanyp geçmek mümkinçiligi berip bilýär. Şeýle hem, kompaniýa Spring Framework we Spring Cloud Function Framework programmalaryň howply uzaklykdan kod ýerine ýetirmek gowşaklyklary (CVE-2022-22963, CVE-2022-22965) üçin çykarylan howpsuzlyk maslahatlary täzelemek bilen bu maslahatlarda öwrenilýän we gowşak Cisco önümleriň sanawyny täzeledi.

Cisco kompaniýasy birnäçe önümlerine täsir edýän ýokary we orta derejede howply gowşaklyklary üçin düzedişleri hem çykardy. Ähli düzedilen gowşaklyklar barada giňişleýin maglumaty Cisco howpsuzlyk sahypasynda görüp bilersiňiz – cisco.com.

19 Aprel 2022

-
121