Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Elementor WordPress plаgininde howply gowşaklyk ýüze çykaryldy

WordPress üçin Elementor Website Builder plaginiň döredijileri 3.6.3 täze wersiýasyny çykardylar, bu wersiýa 500 müňe golaý saýtlara täsir edip bilýän uzaklykdan kod ýerine ýetirmek mümkinçiligini berýän gowşaklyk üçin düzedişi öz içine alýar. Ýaramaz niýetli ulanyjy gowşak saýtda adaty ulanyjyň hasaba alyş ýazgysyny döreden ýagdaýynda, saýtyň adyny we düzümini üýtgedip, tanap bolmajak ýagdaýa getirip bilýär.

Gowşaklyk 2022-nji ýylyň mart aýynyň 22-ne çykarylan Elementor 3.6.0 wersiýasynda peýda boldy.

Çeşme: securitylab.ru

15 Aprel 2022

-
117