Microsoft gyssagly düzedişi çykardy
Microsoft kompaniýasy gyssagly meýilleşdirilmedik KB5001028 belgili täzelenmäni çykardy, bu täzelenme WPA3 protokoly arkaly Wi-Fi baglanmak bilen Windows 10 ulgamynyň işinde bökdençlik döremegine sebäp bolýan ýalňyşlygy düzetmek üçin işlenip taýýarlandy. Programma döredijileriň gelen netijesine görä, bu mesele Windows 10 1909 ulgamy üçin (KB4598298 - 2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň 21-ne, KB4601315 fewral aýynyň 9-na çykarylan) täzelenmeleriň çykmagyndan soňra ýüze çykdy.
Ýalňyşlyk barada maglumat: ulanyjy WPA3 protokoly ulanyp, Wi-Fi toruna baglanan badyna Windows ulgamy gök ekrany çykaryp, işini togtadýar (Blue Screen of Death — BSOD). Häzirki wagtda hemmelere WPA3 protokoly ygtybarly hasaplanýandygy sebäpli ulanmagy maslahat berilýär.
Meýilleşdirilmedik täzelenmeden başga-da Microsoft kompaniýasy ulanyjylar üçin simsiz tora baglanmak bilen ulgamyň işinde bökdençlik (BSOD) döremeginiň öňüni almaga kömek edip biljek birnäçe usullary neşir etdi. Bu ýalňyşlyk ýüze çykan ýagdaýynda, aşakda görkezilen usullary ulanmak mümkin:
• Windows 10 ulgamyň wersiýasyny 2004 ýa-da 20H2 wersiýalaryna täzelemek.
• WPA2 arkaly Wi-Fi-a baglanmak.
• Sim birikmesini (Ethernet) ulanyp, tora baglanmak.
Çeşme: anti-malware.ru
12 Fewral 2021