Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Microsoft Office ýanwar aýynyň täzelenmeleri Outlook programmasynyň meselelerini düzedýär

2021-nji ýylyň ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Office önümleriniň Windows gurnaýjysynyň (Windows Installer) görnüşlerine täsir edýän meseleleri düzedýän Microsoft Office täzelenmelerini köpçülige çykardy. Microsoft kompaniýasy Microsoft Excel we Outlook programmalarynyň bökdençli işlemek we doňmak meselelerini düzetmek üçin Microsoft 365 programmalary üçin hem täzelenmeleri köpçülige çykardy.

Office önümleriniň we olaryň täzelenmeleriniň doly sanawy aşakda görkezilýär:

 

 Office önümleri

Täzelenmeler

Microsoft Access 2016

KB4484509

Microsoft Office 2016

KB4493157

Microsoft Outlook 2016

KB4493166

Microsoft Project 2016

KB4493159

Çeşme: bleepingcomputer.com

06 Ýanwar 2021

-
128