Microsoft kompaniýasy 2022-nji ýylyň aprel aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Microsoft kompaniýasy programma üpjünçiliginiň birnäçe gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Microsoft 2022-nji ýylyň aprel aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde 119 sany gowşaklyklary düzetdi.
Düzedilen gowşaklyklaryň arasyndan 47 sany gowşaklyk – hukuklary artdyrmak, 47 - uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 13 – maglumatlary aýan etmek, 9 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek we 3 - spoofing amala aşyrmak mümkinçilikleri berýärler.
Şeýle hem, 2022-nji ýylyň aprel aýynyň «Sişenbe düzedişleri» iki sany 0-day gowşaklyklary üçin düzedişleri öz içine alýar, bu gowşaklyklar:
CVE-2022-26904 - Windows User Profile Service hyzmatynyň hukuklary artdyrmak gowşaklygy;
CVE-2022-24521 - Windows Common Log File System draýweriň hukuklary artdyrmak gowşaklygy.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2022-nji ýylyň aprel aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz – microsoft.com.
Çeşme: bleepingcomputer.com
13 Aprel 2022