Microsoft kompaniýasy Windows 10 20H2 wersiýasynyň goldawy indiki aýda gutarýandygy barada habar berdi
Microsoft kompaniýasy ulanyjylara 2022-nji ýylyň maý aýynyň 10-na operasion ulgamynyň Windows 10 20H2 we Windows 10 1909 wersiýalarynyň goldawy gutarýandygy barada ýatlatdy.
Microsoft-yň maglumatynda beýan edilmegine görä, Windows 10 Home, Pro, Pro Education we Pro for Workstations ulanyjylary üçin Windows 10 20H2 (October 2020 Update hem diýilýär) goldawy gutarýandygyny habar berýär.
Şeýle hem, Enterprise, Education we IoT Enterprise neşirleriň goldawy bir ýyl soň, ýagny 2023-nji ýylyň maý aýynyň 9-na gutarýandygyny bellenýär.
Microsoft kompaniýasy Windows 10 1909 Enterprise, Education we IoT Enterprise neşirleriň goldawy indiki aýda bes edilýändigi barada hem aýratyn habar berdi.
“Maý aýynyň 10-na çykaryljak 2022-nji ýylyň maý aýynyň howpsuzlyk täzelenmesiniň çäginde bu wersiýalar üçin täzelenmeler iň soňky sapar goşular. Şol seneden başlap, bu neşirler bilen işleýän enjamlar üçin soňky howpsuzlyk howplaryndan goragy öz içine alýan her aýky howpsuzlyk täzelenmeleriň çykarylmagy bes edilýär» - diýip Microsoft belledi.
Çeşme: bleepingcomputer.com
13 Aprel 2022