Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Google kompaniýasy Chrome üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy

Google kompaniýasy Windows, Mac we Linux ulgamlary üçin Chrome 100.0.4896.88 wersiýasyny çykardy. Bu wersiýa ýaramaz niýetli ulanyjynyň gowşak ulgamda uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, howpsuzlyk çäklendirmelerden aýlanyp geçmek we maglumatlary aýan etmek üçin ulanyp bilýän gowşaklyklary aýyrýar. Bu täzelenme 11 sany howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrdy.

Ulanyjylara Chrome täzelenmesi baradaky habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär – googleblog.com.

12 Aprel 2022

-
94