VMware howpsuzlyk täzelenmesini çykardy
VMware kompaniýasy Linux ulgamlary üçin niýetlenen VMware Horizon Client önüminde hukuklary artdyrmak mümkinçiligi berýän howpsuzlyk gowşaklyklary (CVE-2022-22962, CVE-2022-22964) aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy. VMware bu gowşaklyklar üçin ýokary derejede howply diýip baha berip, CVSSv3 görkezijisi boýunça 7.3 derejesini berdi. Howpsuzlyk gowşaklyklar VMware Horizon Client for Linux 2203 wersiýasynda düzedildi.
Gowşaklyklar we täzelenme barada goşmaça maglumaty Vmware howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz – VMSA-2022-0012.
11 Aprel 2022