Cisco birnäçe önümleri üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Cisco kompaniýasy birnäçe önümleriniň gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini köpçülige çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy gowşak ulgamy dolandyrmak mümkinçiligini gazanmak üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp bilýär.
Cisco kompaniýasy Cisco önümlerine täsir edýän Spring Framework we Spring Cloud Function Framework programmalaryň howply uzaklykdan kod ýerine ýetirmek gowşaklyklary (CVE-2022-22963, CVE-2022-22965) üçin howpsuzlyk maslahatlary çykardy.
Şeýle hem, Cisco kompaniýasy Cisco Web Security Appliance, Cisco Webex Meetings, 6800, 7800, 8800 tapgyrly Cisco IP-telefonlary, Cisco Secure Network Analytics, Cisco Identity Services Engine (ISE), Cisco Email Security Appliance (ESA), Cisco Web Security Appliance (WSA) we Cisco Secure Email and Web Manager önümleriniň birnäçe orta derejede howply gowşaklyklary üçin düzedişleri çykardy. Ähli düzedilen gowşaklyklar barada giňişleýin maglumaty Cisco howpsuzlyk sahypasynda görüp bilersiňiz – cisco.com.
08 Aprel 2022