2022-nji ýylyň aprel aýynyň Android täzelenmeleri köp sanly gowşaklyklary düzedýärler
Google kompaniýasy 2022-nji ýylyň aprel aýynyň howpsuzlyk maslahatyny neşir etdi, bu howpsuzlyk täzelenmeler toplumy köp sanly gowşaklyklary, şol sanda dokuz sany örän howply gowşaklyklary aýyrmak üçin düzedişleri öz içine alýar.
Howpsuzlyk täzelenmeleriniň birinji bölüminiň (2022-04-01) çykmagy bilen jemi 14 sany gowşaklyklar düzedildi. Bu gowşaklyklar Framework, Media Framework, System we Google Play system düzüm böleklerinde düzedildi. Bu gowşaklyklara dokuz sany hukuklary artdyrmak, dört sany maglumatlary aýan etmek gowşaklyklary we bir sany "Hyzmat etmekden ýüz öwürmek" ýagdaýyna getirmek (DoS) mümkinçiligini berýän gowşaklygy girýärler.
2022-nji ýylyň aprel aýynyň düzedişler toplumynyň ikinji bölümi (2022-04-05) Kernel, MediaTek we Qualcomm düzüm böleklerinde jemi 30 sany gowşaklyklary üçin düzedişleri öz içine alýar.
Şeýle hem, Google kompaniýasy Pixel enjamlary üçin düzedişleri çykaryp, Kernel, Pixel we Qualcomm düzüm böleklerinde bäş sany howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrandygy barada habar berdi.
06 Aprel 2022