Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Windows 10X ulgamynda kompýuteriň kamerasynyň işleýändigini görkezýän howpsuzlyk aýratynlygy goşular

Programma dörediji Gustaw Monse (Gustave Monce) operasion ulgamynyň dolandyryş panelinde peýda bolan kameranyň piktogramma suratyny görkezýän  belgisine üns berdi. Onuň sözlerine görä, ulanyjy her gezek kompýuterinde web-kamerany açanda, belgi peýda bolýar.

Häzirki wagtda bu funksiýa Windows 10X operasion ulgamynyň içerki gurnamalarda synagdan geçýär, emma soňra Windows 10 ulgamynda hem goşuljakdygy barada bellendi.

Ýokarda agzalýan funksiýanyň goşulmagy bilen meseleler panelinde wideokamera görnüşindäki täze belgi peýda bolar. Syçanjygyň kursory bilen onuň üstüne eltip, haýsy programmalaryň kamerany ulanýandygyny görüp bolar. Kamerany birnäçe programma ulanýan bolsa, belginiň üstünde olaryň sany görkeziler. Täze funksiýa gizlinligiň  derejesini ýokarlandyrmak üçin döredildi.

Çeşme: securitylab.ru

11 Fewral 2021

-
76