Microsoft maglumat faýllarynda Vidar zyýanly programma üpjünçiligi saklanýar
Trustwave kompaniýasy Windows ulanyjylaryň maglumatlaryny ogurlamak üçin niýetlenen täze kiberhadysalar barada habar berdi. Ýaramaz niýetli ulanyjylar Vidar içaly programma üpjünçiligini ulanmak bilen bu programmany Microsoft goldaw hyzmatynyň adyndan galp elektron hatlary arkaly ýaýradýarlar.
Vidar zyýanly programma üpjünçiligi operasion ulgamyň, ulanyjyň maglumatlaryny, şeýle hem onlaýn-hyzmatlaryň hasaba alyş maglumatlaryny we bank kartyň maglumatlaryny ýygnap bilýär.
Trustwave kompaniýanyň hasabatynda beýan edilmegine görä, ýaramaz niýetli ulanyjylar wirusy HTMLHelp format faýlynda gizlenen görnüşde ugradýardylar. Adatça, bu resminamalarda dürli meseleler boýunça maglumatlar bolýar. Emma, bu faýly açmak bilen app.exe zyýanly resminama açylýar.
Bilermenler ulanyjylara näbelli çeşmelerden gelýän resminamalary açanda seresap bolmagy maslahat berýärler.
Çeşme: securitylab.ru
29 Mart 2022