Google Play dükanyndan troýan saklaýan programma aýryldy
Barcode Scanner atly QR-kod skanirlemek üçin niýetlenen meşhur programmanyň içinde zyýanly programma üpjünçiligi tapylanlygy sebäpli Google Play dükanyndan aýryldy. Bu programma aýyrylan wagtyndaky maglumatlara görä, programma 10 milliondan gowrak sapar ulanyjylar tarapyndan ýüklenilip alynmagyndan daşary, ulanyjylara belli bir bahada tölegli programmalar we oýunlar bilen üpjün edýän Google Play Pass hyzmatyň çäginde hem hödürlenýärdi.
Barcode Scanner programmanyň troýany Malwarebytes kompaniýasy tarapyndan ýüze çykaryldy, bu kompaniýa brauzeriň üýtgeşik hereketlerine üns beren ulanyjylaryň habarlary sebäpli gözleg geçirdi. Ýagny brauzerde awtomatiki ýagdaýda zyýanly saýt açylýardy, bu saýt smartfonyň howpsuzlyk meseleleri sebäpli Cleaner programmany gurnamak teklip edýärdi. Gözlegiň netijesi Barcode Scanner programmanyň soňky täzelenmesiniň içine troýan goşulandygyny görkezdi.
Çeşme: kod.ru
11 Fewral 2021