NETGEAR howpsuzlyk täzelenmelerini köpçülige çykardy
Netgear önümlerinde köp sanly gowşaklyklar (CVE-2011-5325, CVE-2022-27642, CVE-2022-27647, CVE-2022-27645, CVE-2022-27644, CVE-2022-27646, CVE-2022-27643) ýüze çykaryldy. Ýaramaz niýetli ulanyjy uzaklykdan nyşana alnan ulgamda «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyny getirmek, uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, gizlin maglumatlary aýan etmek we howpsuzlyk çäklendirmelerinden aýlanyp geçmek üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler.
Netgear ulanyjylara enjamlaryna soňky çykan programma üpjünçiligi gysga wagtyň içinde ýükläp, gurnamagy maslahat berýär.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Netgear howpsuzlyk maslahatlarynda görüp bilersiňiz – netgear.com.
24 Mart 2022