Dell noutbuklaryň howply gowşaklyklary düzedildi
Dell kompaniýasy 45 sany enjam modellerine, şol sanda birnäçe Alienware, Inspiron we Vostro noutbuk modellerine täsir edýän Dell BIOS interfeýsiň bäş sany SMM (System Management Mode) gowşaklyklary üçin düzedişleriň çykarylandygy barada habar berdi.
Ýokary derejede howply gowşaklyklar üçin CVE-2022-24415, CVE-2022-24416, CVE-2022-24419, CVE-2022-24420 we CVE-2022-24421 identifikatorlary we CVSS görkezijisi boýunça 8.2 derejesi berildi. Bu gowşaklyklar girizilýän maglumatlaryň ýalňyş barlanmagy bilen baglanyşykly bolup, lokal görnüşde autentifikasiýa barlagyndan geçen ýaramaz niýetli ulanyjy üçin gowşak ulgamda erkin kod ýerine ýetirmek mümkinçiligini berýär Dell ähli ulanyjylara täzelenmeleri gysga wagtyň içinde gurnamagy maslahat berýär.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Dell howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz – dell.com.
24 Mart 2022