OpenSSL döredijileri howpsuzlyk täzelenmesini çykardylar
OpenSSL döredijileri OpenSSL kitaphananyň howply gowşaklygyny (CVE-2022-0778) aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardylar. Ýaramaz niýetli ulanyjy bu gowşaklykdan peýdalanyp, “Hyzmat etmekden ýüz öwürmek” (DoS) ýagdaýyny getirip bilýär. Bu gowşaklyk OpenSSL 1.0.2, 1.1.1 we 3.0 wersiýalaryna täsir edýär. OpenSSL döredijileri bu gowşaklygy 1.0.2zd (giňişleýin goldaw bilen üpjün edilen müşderiler üçin), 1.1.1n we 3.0.2 wersiýalary çykarmak arkaly düzetdiler. Gowşaklyk 1.1.0 wersiýasyna hem täsir edýär, emma bu wersiýanyň goldawy gutaranlygy sebäpli düzedişi çykarylmaýar. Gowşaklyk we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty OpenSSL howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz - openssl.org.
16 Mart 2022