Google kompaniýasy Chrome üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy
Google kompaniýasy Windows, Mac we Linux ulgamlary üçin Chrome 99.0.4844.74 wersiýasyny çykardy. Bu wersiýa ýaramaz niýetli ulanyjynyň gowşak ulgamda uzaklykdan kod ýerine ýetirmek we gizlin maglumaty aýan etmek üçin ulanyp bilýän gowşaklyklary aýyrýar. Bu täzelenme 11 sany howpsuzlyk gowşaklyklary düzedýär.
Ulanyjylara Chrome täzelenmesi baradaky habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär – googleblog.com.
16 Mart 2022