Apple howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Apple kompaniýasy birnäçe önümleriniň gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy nyşana alnan ulgamda maglumatlary aýan etmek, uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyny getirmek, spoofing amala aşyrmak, hukuklary artdyrmak we howpsuzlyk çäklendirmelerinden aýlanyp geçmek bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler.
Apple kompaniýasy aşakda görkezilen önümleri üçin düzedişleri çykardy - GarageBand 10.4.6, Logic Pro X 10.7.3, Xcode 13.3, Security Update 2022-003 Catalina, macOS Big Sur 11.6.5, macOS Monterey 12.3, tvOS 15.4, watchOS 8.5, iOS 15.4, iPadOS 15.4, Windows üçin iTunes 12.12.3.
Ulanyjylara Apple kompaniýanyň täzelenmeleri barada howpsuzlyk sahypalary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär - apple.com.
15 Mart 2022