Çarşenbe, 09 Iýul 2025

SonicWall kompaniýasy önümlerinde howpsuzlyk gowşaklygy aýyrdy

SonicWall kompaniýasy SRA Series, SMA100 Series çözgütlerine täsir edýän ýokary derejede howply gowşaklygy aýyrmak üçin howpsuzlyk maslahatyny çykardy. Bu gowşaklyk (CVE-2022-22273) autentifikasiýa barlagy geçip, operasion ulgamyň buýruklaryny girizmek mümkinçiligini berýän gowşaklygy bolup durýar. Gowşaklyk SRA Series 9.0.0.5-19sv wersiýasyna we has irki wersiýalaryna, şeýle hem SMA100 Series 9.0.0.9-26sv wersiýasyna we has irki wersiýalaryna täsir edýär.

Ulanyjylara SonicWall howpsuzlyk maslahaty bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär – sonicwall.com.

14 Mart 2022

-
116